“Ussatlaryň döredijilik ýoly” atly duşuşyk

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda,Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy,Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy,ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli “Ussatlaryň döredijilik ýoly” atly duşuşyk geçirildi.

   Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň halypa döredijilik işgärleri bolan Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy,ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy barada we olaryň ömri we döredijiligi  hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen ,bu ussat ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary,biziň şu günki döredijilik işgärlerimiz üçin uly döredijilik mekdebidigini nygtadylar. Sözüň sungaty hiç wagt könelmeýär. Bu günki gün biziň ýaş nesillerimiz ýokarda ady agzalan  halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini uly höwes bilen okaýarlar.

     Çykyş edenler öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli  alyp barýan ajaýyp işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ussatlaryň döredijilik ýoly” …

Metbugat gullugy