Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Üzümli topragyň berekedi” ady bilen kitap sergisini gurnady.
Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da ýurdumyzda üzümçiligi ösdürmäge, üzüm baglarynda arassa sortly üzümleri ösdürip ýetişdirmek şeýle hem üzümleriň hil derejesini ýokarlandyrmak barada ýazylan edebiýatlar hem goýuldy.
Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli sowallaryna jogap tapdylar. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Üzümli topragyň berekedi” …