Wagyz nesihat çäresi.

Image description

Aşgabat şäherindäki: Nesil” sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň  Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Kitap saklamak bölümi we “Nesil” sagaldyş we dynç alyş merkezi bilen bilelikde dynç alyşdaky çagalaryň arasynda “Türkmenistan bagtyýar çagalaryň yurdy” ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden hünärmenler, erkana günleriň gujagynda ösüp ulalýan çagalaryň şadyýan gülki sesleri, şat owazlary bu gün döwletimiziň çar künjeginde ýaňlanýar. Bagtyýar körpeleriň dynç alyş mesgeni bolan gözel Gökdere jülgesi, sözüň doly manysynda, ertekiler dünýäsine çalym edip dur. Bu ýerde tomusyň iň gyzgalaňly, şadyýan günlerini başdan geçirýän ýaş nesiller täsin wakalar, gyzykly pursatlar bilen ýüz-be ýüz bolýandyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Çäräň dowamynda dynç alyşdaky çagalaryň beren gyzykly sowallaryna peydaly jogaplar aldylar. Çäräniň ahyrynda işjeň  gatnaşan hünärmenler hem-de çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Wagyz nesihat çäresi.

Metbugat gullugy