Waspyňa söz ýetmez türkmen halysy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Waspyňa söz ýetmez türkmen halysy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Türkmen halysy – ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giren gadymy sungat. Onuň inçeligi, nepisligi, dokalyş aýratynlygy dünýäni haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen türkmen halyçylyk sungaty görlüp-eşidilmedik derejede şan-şöhrata eýe boldy. Milli Liderimiziň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplary bu sungata bagyşlanan kämil eserlerdir.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler ägirt uly gymmatlyk we ajaýyp sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halylaryna dünýä ýüzünde ýokary baha berilýär diýip belläp geçýär. Müňýyllyklaryň dowamynda haly dokamagyň özboluşly usullary nesilden-nesle geçirilip, häzirki döwürde ýurdumyzyň milli baýlygy hökmünde ykrar edilen türkmen halylarynyň dünýä ýüzündäki şöhraty barha belende göterilýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halyçylyk sungatyny dünýäde şöhratlandyrmakda, ýaşlary bu hünäre işjeň çekmekde asylly işleri alyp barýan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini söhbetdeşlige gatnaşan işgärler arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Waspyňa söz ýetmez …