Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Watan gerçekleri unudylmaz!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Şu günki baýramçylyk dabarasy çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda we tylda edermenlik görkezenlikleri hakynda söhbet etdiler! Biz olaryň watana wepalylygynyň, edermenliginiň hem-de gaýduwsyzlygynyň, bagtyýar durmuşymyz we nurana geljegimiz üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris diýip giňişleýin gürrüň etdiler. Dabarada çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen Ýeňiş hakynda ýazylan goşgulary okadylar. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Watan gerçekleri unudylmaz!” …