Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Watan gerçekleri unudylmaz!” atly baýramçylyk dabarasynyň ýazgysy
Her güni ösüşli menziller bilen nurlanýan eziz diýarymyzda ýene-de bir baýramçylyk, Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy uludan toýlanýar.“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda şu günler ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryny, urşa gidip dolanyp gelmedikleriň ýanýoldaşlaryny hem-de zähmet weteranlaryny sylaglamak dabaralary hem aýratyn mana eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň Watan gerçeklerine goýýan çäksiz sarpasy, geljek ýaş nesillerimiz üçin Watany söýmegiň, mertligiň ynsanperwerligiň beýik nyşany bolup ör boýuna galýar.
Döwlet kitaphanamyzda geçirilýän “Watan gerçekleri unudylmaz!” atly baýramçylyk dabaramyzda Türkmenistanyň içeri işler ministirliginiň weteranlar geňeşiniň ätiýaçlykdaky polkownigi Abdylla Berdinazarow çykys etdi ol öz dünýäde ynsan üçin ene toprakdan, ata Watanyndan eziz zat megerem ýoklygy barada watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjudygy barada sohbet etdi. Şonuň ýalyda dabaramyzyň su ýerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň halypa işgäri Öwez Şarlyýewiň çykyşy bilen dowam etdik. Ol özüniň çykyşynda
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda we tylda edermenlik görkezenlikleri hakynda söhbet etdi. Biz olaryň watana wepalylygynyň, edermenliginiň hem-de gaýduwsyzlygynyň, bagtyýar durmuşymyz we nurana geljegimiz üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris diýip giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaramyzyň ýene bir “Gyzyl kürte”kinofiliminde enäniň keşbini ýerine ýetiren, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýna Jumaýewanyň eden gürrüňleri bilen dowam edildi.
Şeýle hem şol filimde ýurjysynyň rolyny ýerine ýetiren 135-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ybraýym Baýramow biziň şu günki baýramçylyk dabaramyzyň myhmany boldy.
Dabaramyzda söz gezegini halypa kärdeşimiz, Metbugat neşirleri abatlaýyş we jiltlemek bölüminiň bölüm müdiri, Türkmenistanyň içeri işler ministirliginiň weteranlar geňeşiniň ätiýaçlykdaky maýory, “Birkemsiz gulluk edenligi üçin” III- derejeli medalyň, “Garaşsyz Türkmenistana bolan söýgüsi üçin” ordeniniň eýesi Akjagül Galmykowanyň beren gürrüňleri bilen dowam edildi.
Şu günki geçirilen “Watan gerçekleri unudylmaz!”atly dabaramyzy tamamlamak bilen dabara gatnaşanlara minnetdarlyk aýtmak bilen olaryň her biriniň kalbyda Watana söýgi, wepalylyk ýaly eziz duýgularyň ýaşamagyny arzuw edip, bize baky bagtyýarlygy bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlary sag, ömürleri uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Watan gerçekleri unudylmaz!” …