“Watan waspyň edýär ylhamly ýaşlar” atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, hem-de “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Watan waspyň edýär ylhamly ýaşlar” atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.

 Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we döredijilik mümkinçiliklerine eýe bolmagy ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen baglydygyny, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilimli ýaşlara, olaryň zehinleriniň ýüze çykmagyna ähli şertler döredilýänligi hakynda giňişleýin nygtadylar. Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Watan waspyň edýär …

Metbugat gullugy