“Ýagşy terbiýe-geljegiň aýnasydyr” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 38-nji çagalar bakja - bagynda “Ýagşy terbiýe-geljegiň aýnasydyr” ady bilen körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar we terbiýeçileri parahat ýurdumyzda gelejegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri edýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýagşy terbiýe-geljegiň aýnasydyr” …