“Ýaş nesilleri terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň ”Ýaşlyk säheri“ atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Ýaş nesilleri terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, olary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, kitaba bolan söýgüsini artdyrmaklyk üçin türkmeniň ruhy baýlygynyň aýawly saklanylýan merkezi bolan kitaphanalarda ýaşlar bilen geçirilýän çeper okaýyşlar, okuw sapaklary ,guralýan göçme kitap sergileri dogrusynda söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitaba uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaş nesilleri terbiýelemekde …