“Ýaş şahyrlaryň döredijiligi”
Ýakynda Türkmenistanyň döredijilik wekilleri Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna gatnaşyp, sylaglara mynasyp boldylar. Şeýle ajaýyp waka mynasybetli üstünlik gazanan ýaş şahyrlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen söhbetdeşligi ýazga geçirdiler. Söhbetdeşlikde çykyş eden şahyrlar Şuşa şäherinde Azerbaýjan edebiýatynyň nusgawy şahyry Molla Penah Wagifiň muzeý-goraghanasynyň öňündäki meýdançada Wagifiň şygryýet günlerine bagyşlanyp geçirilen dabarada özleriniň döreden şygyrlary bilen çykyş edendiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Olar söhbetleriniň ahyrynda ýaşlarymyz hakynda döredilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaş şahyrlaryň döredijiligi”