“Ýaşlar röwşen geljegiň şuglasy” atly göçme kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ýaşlar röwşen geljegiň şuglasy” atly göçme kitap sergisini gurnadylar.

   Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Ýaşlyk” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Ýaşlar röwşen geljegiň şuglasy” atly kitap sergisini gurnadylar. Bu ýerde çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri bilen giňden tanyşdyryldy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähir, söýgi bilen gurşalan ýaş nesilleriň ähli  amatly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, tomusky dynç alyş günlerinde wagtlaryny peýdaly geçirýändikleri,  dynç alyş merkezinde dürli çärelere gatnaşyp wagtlaryny şatlyk-şowhuna besläp dynç alýandyklary barada gürrüň edildi we olar bilen sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa gelejekde ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelmegi bilen berk baglanşyklydyr. Soňra bolsa çärä gatnaşan ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlar röwşen geljegiň …

Metbugat gullugy