“Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik

Image description

“Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik geçirildi.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi, Bibliografiýa bölümi bilen bilelikde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Nebitçi” sagaldyş we dynç alyş merkezinde Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly göçme kitap sergisini we söhbetdeşligini çagalar topary bilen geçirdi. Sergide çykyş edenler berkarar Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiz hakynda hemme taraplaýyn alada edilýändigini, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ähli şertler döredilýändigini beýan etdiler. Mähriban ýaşlarymyz ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

 Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy.

 Kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlar Watanyň daýanjy” …

Metbugat gullugy