Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ” Ýaşlar-Watanyň daýanjy”atly kitabyndan çykyş etmek bilen,bu gymmatly kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem olar bu ajaýyp kitabyň käbir böleklerini okyjylara okap berdiler.Bu bolsa okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çykyş edenler çykyşlarynyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly …