Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölümi “Ýaşlaryň döredijiliginde milli
öwüşginler” ady bilen ýazyjy şahyrlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanmyzda dünýä ülňilerine laýyk gelýän kitaphanalarda ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüsi barada we olara ylym-bilim almak üçin döredilýän mümkinçilikler barada, islendik şertlerde kitaplary okap bilmekleri üçin, internet ulgamynda täze sahypalaryň döredilmegi, edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr diýip, belläp geçdiler. Döredijilik duşuşygynda täsirli edilen çykyşlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlaryň döredijiliginde milli …