“Ýaşlyk” medeni-dynç alyş merkezinde “Çagalygyň ajap çagy” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Gökderedäki “Ýaşlyk” medeni-dynç alyş merkezinde “Çagalygyň ajap çagy” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.
Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da dynç alýan çagalar üçin çeper edebiýatlar,türkmen halk ertekileri hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Bagtyýar çagalar şular ýaly ajaýyp merkezlerde dynç almak üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlyk” medeni-dynç alyş …