“Ýaşlyk” sagaldyş-dynç alyş merkezinde “Sport – sagdynlygyň girewi” ady bilen kitap sergisi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi  “Ýaşlyk” sagaldyş-dynç alyş merkezinde “Sport – sagdynlygyň girewi” ady bilen kitap sergisini gurnady.

    Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de sportuň ähmiýeti, ýaşlara sport baradaky öwüt-ündew ähmiýetli edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen sagaldyş-dynç alyş merkezindäki çagalar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler.  Mundan başga-da sport bilen bagly edebiýatlary hem öwrendiler.                               

     Bizi şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlyk” sagaldyş-dynç alyş …

Metbugat gullugy