Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ylym-gymmatly baýlyk”ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ylym-bilim jemgyýetiň ösüşiniň esasy sütünleridir. Ylym we bilim her bir adamyň, milletiň hem-de bütin adamzadyň durmuşynda möhüm gymmatlyklaryň biridir.Ata-babalarymyzyň ýaş nesle bilim we terbiýe bermek ýörelgeleri gadymdan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde baha berýär diýip, söhbetdeşlikde çykyş edenler nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli,giň dünýägaraýyşly,ýokary ahlakly,kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen …