“Ýaşlyk“ teleýaýlymy bilen “Ylym-bilimiň we kitaphanalaryň ähmiýeti” dogrusynda ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk“ teleýaýlymy bilen bilelikde “Ylym-bilimiň we kitaphanalaryň ähmiýeti” dogrusynda ýazgy edildi. Çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim almagynda we kitap okamaklarynda, milli mirasymyzy, medeniýetimizi, geçmiş taryhymyzy öwrenmeklerinde kitaphanalaryň ornunyň uludygyny belläp geçdiler. Ýaşlary, körpeje neslimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde we pederlerimiziň paýhas mirasyny öwrenmekde kitaplaryň, çeper edebiýatlaryň, türkmen halk ertekileriniň uly gollanma bolup durýandygy hakynda gürrüň etdiler we ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýy bilen mähirli gutladylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlyk“ teleýaýlymy bilen …