“Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan “Ýazyjy–şahyrlaryň kitaplarynda bedew waspy” atly ýazgy edildi

Image description

“Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan “Ýazyjy–şahyrlaryň kitaplarynda bedew waspy” atly ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan “Ýazyjy-şahyrlaryň kitaplarynda bedew waspy” ady bilen ýazgy edildi. Teleýaýlymda çykyş eden kitaphana işgärleri ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk atlaryň waspynyň  nusgawy ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde, halk döredijiliginde öz beýanyny tapýandygyny, söz ussatlarynyň bedewleriň haýran galdyryjy häsiýetlerini, gözelligini öz goşgularyna siňdirip, biziň şu günlerimize ýetirendikleri dogrusynda söhbet etdiler. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at myradyň-mekany” ýylymyzda dünýäde ýeke-täk hasaplanýan türkmen bedewleriniň şan –şöhradyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan …

Metbugat gullugy