“Ýaz-zeminiň gözelligi”atly kitap sergisi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi “Ýaz-zeminiň gözelligi”ady bilen kitap sergisini gurnady. Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynyň gelmegi bilen, ajaýyp tebigat ýaşyl begresini geýip, älemgoşar öwüşginli, gül-gunçaly lälezarlyklara beslenýär. Halk arasynda güller gözelligiň nusgasy saýylýar. Her bir gözellik güle deňelýär,gülüň ady bilen atlandyrylýar. Geçmiş edebiýatymyzda hem gülleriň,ajaýyp baharyň waspy ýetirilýär. Biz muňa Nurmuhammet Andalybyň dessanlarynda, Mollanepesiň goşgularynda we beýleki nusgawy edebiýatyň eserlerinde aýdyň göz ýetirilýär.Bu kitap sergisinde hem türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplary, şeýle hem türkmen ýazyjy –şahyrlarynyň Milli bahar baýramy, ýagny Halkara Nowruz baýramy barada ýazan ajaýyp eserleri ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.
Asuda asmanyň astynda şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyza Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýaz-zeminiň gözelligi”atly kitap …