“Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy”

Image description

“Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy”.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşigi tarapyndan “Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Türkmen edebiýatynda  watançylyk temasy aýratyn orun tutup, ol gadymy döwürlerden bäri ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginiň özeni bolup durýar. Bu tema halkyň agzybirligini, topraga bolan söýgini, gahrymançylygy we parahatçylygy wasp edýär. Magtymguly Pyragy, Kemine, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlar Watany goramagy, halkyň agzybirligini özleriniň goşgularynda baş tema edipdirler. Şeýle eserleriň üsti bilen ýaş nesillerimiz “Watan” sözüniň mukaddesdigine ýene bir ýola göz ýetirýärler. Ata Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri elmydama rowaç bolsun.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk …

Metbugat gullugy