Ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligine bagyşlanan edebi duşuşyk

Image description

Ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligine bagyşlanan edebi duşuşyk.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň halk ýazyjylary Nargylyç Hojageldiýewiň, Orazguly Annaýewiň, Nobatguly Rejebowyň, ýazyjylar Hojanepes Meläýewiň, Babanyýaz Kaýumowyň, şahyr Kasym Nurbadowyň ömür- döredijiligine bagyşlanyp edebi duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk döredijilik işgärlerini, ýazyjy-şahyrlaryň dogan-garyndaşlaryny, edebiýat muşdaklaryny we kitaphanaçylary bir ýere jemläp, örän gyzykly hem-de täsirli pursatlara baý boldy. ”Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen edebi duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň halk ýazyjylarynyň, şahyrlaryň ömri we döredijiligi bilen gatnaşyjylary tanyş etdiler we özlerinde galan ýakymly ýatlamalaryndan gürrüň berdiler. Edebi duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler medeniýetimize, sungatymyza we türkmen edebiýatynda yz goýan ýazyjylarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ýazyjy-şahyrlaryň ömri we …

Metbugat gullugy