“Ýazyjylaryň ylham çeşmesinden ruhlanyp ýazylan gollanmalar” we Şahyr Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti

Image description

“Ýazyjylaryň ylham çeşmesinden ruhlanyp ýazylan gollanmalar” we Şahyr Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan “Ýazyjylaryň ylham çeşmesinden ruhlanyp ýazylan gollanmalar” we şahyr Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

     Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler sanardan köpdür. Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem şöhratly, bagtyýar ýyllarymyzda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, taryhda yz goýan ussat halypalarymyzy, olaryň edebiýat älemindäki bitiren işlerini ýagşylykda ýatlaýar. Şolaryň biri hem şygyryýet äleminde öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowdyr.  Söhbetdeşligiň dowamynda hem çykyş edenler şahyryň ömri we döredijiligi hakynda gürrüň berdiler we birnäçe goşgularyny ýatdan aýdyp berdiler. Bu bolsa şahyryň şu günki günde hormatynyň beýikligini aňladýar.

 Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýazyjylaryň ylham çeşmesinden …

Metbugat gullugy