“Ýeňişler ýaraşýan bedewler”atly giňişleýin kitap sergisi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary we medeni-köpçülik işleri bölümleri tarapyndan guralan “Kamatyna älem haýran bedewiň” atly baýramçylyk dabarasynyň çäginde “Ýeňişler ýaraşýan bedewler”atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy.

      Bu giňişleýin kitap sergisinde Döwlet kitaphanasynyň altyn gaznasyndaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle-de bedewler baradaky kitap neşirleri hem ýerleşdirildi.

     Bu kitap sergisini görmäge gelenler, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary hem öwrenip bildiler. Kitap sergisini görenlerde bedewlerimize bolan gyzyklanma has hem artdy.

    Bu kitap sergisi Aşgabat teleýaýlymyna hem ýazgy edildi.

Şeýle işlemäge, döretmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunymyzy aýdýarys.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýeňişler ýaraşýan bedewler”atly …

Metbugat gullugy