Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Ylym -bilim ösüşleriniň ganaty” -atly tegelik stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär.. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesileri ylymli- bilimli bolmagynda uly aladalar edilýär. Ýurdymyzda her ýylyň 12-nji iýun Ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Şol mynasyberli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Ylym -bilim ösüşleriniň ganaty” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligimiziň çäginde Döwlet kitaphananyň baý gaznasyndan “ Bilimli nesil-kuwatly Watan” atly kitap sergi hem gurnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi –atly kitabynyň “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar“ atly bölümde ylym-bilim barada şeýle diýär.
- Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr. Alan bilimi bilen kanagat edip, özüniň ukybyny we başarjaňlygyny ösdürýän adam dürli hünärlere gol berer. Hünäri kämilleşdirmekde ukyp hem-de endik esasy orny eýeleýär. Ylymda bolsa, pikir birinjidir. Ylymyň miwesi dünýägaraýşyň çuňlugynda, köp bilmekde we yaşaýşyň akymyna sazlaşykly goşulmakdadyr. –diýip beläp geçýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ylym -bilim ösüşleriniň …