Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp “Ylym-bilim ýolumyzyň çyragy” -atly söhbetdeşlik gurnaldy.
Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesileri ylymli-bilimli bolmagynda uly aladalar edilýär. Ýurdymyzda her ýylyň 12-nji iýun Ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Şol mynasyberli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp “Ylym-bilim ýolumyzyň çyragy ” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi–atly kitabynyň “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar“ atly bölümde ylym-bilim barada şeýle diýär. - Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr. Alan bilimi bilen kanagat edip, özüniň ukybyny we başarjaňlygyny ösdürýän adam dürli hünärlere gol berer. Hünäri kämilleşdirmekde ukyp hem-de endik esasy orny eýeleýär. Ylymda bolsa, pikir birinjidir. Ylymyň miwesi dünýägaraýşyň çuňlugynda, köp bilmekde we yaşaýşyň akymyna sazlaşykly goşulmakdadyr – diýip beläp geçýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ylym-bilim ýolumyzyň çyragy” …