“Ylym gymmatly baýlykdyr ” ady bilen söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem-de “Türkmenistan:Altyn asyr ” teleýaýlymy  bilen bilelikde “Ylym gymmatly baýlykdyr ” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

   Söhbetdeşlikde çykyş edenler ylym- bilim jemgyýetiň ösüşiniň esasy sütünleridir. Ylym we bilim her bir adamyň, milletiň hem-de bütin adamzadyň durmuşynda möhüm gymmatlyklaryň biridir. Ata-babalarymyz gadym döwürlerden bäri bu gymmatlygy mukaddeslik hasaplapdyr.Ýaş nesle bilim we terbiýe bermek ýörelgeleri gadymdan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde bu ulgamy ösdürmekde amala aşyrylýan işler biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar diýip uly buýsanç bilen söhbetlerinde nygtadylar.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly,ýokary ahlakly, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ylym gymmatly baýlykdyr …

Metbugat gullugy