“Ylym gymmatly hazyna” ady bilen sergi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ylym gymmatly hazyna” ady bilen sergi gurnady.

   Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky ösüşleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz uly sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Jemgyýetiň hem-de adamzat durmuşynyň her taraplaýyn ösmeginde ylym – bilimiň orny örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan kämilleşmegi üçin bu ulgama aýratyn üns berilýär. Döwrebap tehnologiýalar  we multimediýa – interaktiw usullary okadyş işine işjeň ornaşdyryp, ýokary derejeli hünärmenler ýetişdirilýär.

  Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ylym we tehnologiýalar geljekki ösüşlerimiziň esasy sütünleri hökmünde kesgitlenildi. Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň we mümkinçilikleriniň has-da giňelmegine ýol açdy.

 Ylym-bilime sarpa goýmak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbidir we munuň taryhy köklerini biz Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerinde hem görýäris. Şu günki günde şol ajaýyp ýörelgeler ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde mynasyp dowam etdirilýär.

  Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başgada ylym bilen bagly edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisi her bir okyjylar üçin edebiýatlary görmäge, öwrenmäge  mümkinçilikler döredildi.  

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ylym gymmatly hazyna” …

Metbugat gullugy