“Ylym – rowaçlygyň açary” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Ylym – rowaçlygyň açary” atly kitap sergisi gurnaldy.

    Döwlet  kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Ylym-rowaçlygyň açary” ady bilen kitap sergisi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär.Okamak, bilim almak-bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlyk hasaplanýar. Ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumyadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ata Watanymyzyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Bilim ulgamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin esasy binýatlarynyň biridir.

    Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ylym – rowaçlygyň …

Metbugat gullugy