“Ylym we bilim ХХI asyrda”

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ylym we bilim ХХI asyrda” atly halkara ylmy maslahatynyň çykyşlarynyň gysgaça beýany atly kitapdan  kitaphana syny geçirildi.

    Bu  kitap synynda çykyş edenler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty we beýleki daşary ýurtlaryň okuw merkezleriniň arasynda ylym-bilim babatynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýlandygy  hem-de “Ylym we bilim ХХI asyrda” atly halkara onlaýyn ylmy maslahaty geçirilendigi barada beýan edilýär.Halkara ylmy maslahatda dürli ugurlar boýunça professor- mugallymlaryň, doktorantlaryň we aspirantlaryň ýerine ýetiren ylmy işleriniň şeýle hem, halkara maslahatda ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullaryny işläp düzmek, häzirki zaman pedagogikasynda, psihologiýada, dürli dersleri okatmagyň usulyýetinde bilim tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak baradaky ylmy işlerde alnan netijeleri barada gürrüň edildi.

     Kitaphana synynya gatnaşanlar bagtyýar zamanamyzy peşgeş  beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ylym we bilim …

Metbugat gullugy