“Ylym-ýurduň kuwwaty”

Image description

“Ylym-ýurduň kuwwaty”

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Ylym  ýurduň kuwwaty” atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň, talyplaryň ylmy-barlaglar bilen meşgullanmaklary, halkara derejesindäki ylmy bäsleşiklere gatnaşmaklary we täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaklary döwletimiziň ykdysady we medeni taýdan ösmegine ägirt uly goşantdyr diýip, talyp ýaşlar belläp geçdiler. ”Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde gurnalan bu söhbetdeşlikde ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaklarynda, ylym-bilimden paýly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde kitaphanalaryň ornunyň ulydygyny hünärmenler belläp geçdiler.

   Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ylym-ýurduň kuwwaty”

Metbugat gullugy