Ylymlar ojagy – kitaphanalar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphanalarda alnyp barylýan işler, okyjylara edilýän döwrebap hyzmat dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle hem kitaphana ulgamynyň ösüş binýadynyň aýratynlygy, dürli ugurlar boýunça gelýän okyjylarymyz üçin hereket edýän sanly ulgamynyň işleýşi, onuň kitap hazynamyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerini, dürli pudaklar boýunça ýerleşdirilen kitaplary okap bolýandygy hem-de bu kitaplaryň audio ses ýazgylaryny diňlemek mümkinçilikleriniň hem döredilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzy kämil düşünjeli, giň dünýä garaýyşly, sanly ulgamlaryny başarnykly peýdalanmaklaryna uly ýardam berýär. Kitaphana işgärleri söhbediniň soňunda özleri üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ylymlar ojagy – …