“Ylymyň özeni kitap”

Image description

“Ylymyň özeni kitap”

   “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiz bütin adamzadyň ählumumy ýörelgelerine we maksatlaryna esaslanýan daşary syýasaty amala aşyryp, halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeltdi. Her şanly wakalara beslenýän günlerimizde, milli medeniýetimiz, sungatymyz arkaly dünýäniň ýene bir ýurdy bilen dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz has-da berkidildi. Bu Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparydyr. Gruziýa döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda birnäçe ulgamlar bilen bir hatarda özara dostluk gatnaşyklaryny we medeni hyzmatdaşlygyny berkitmek hem-de ösdürmek maksady bilen, şeýle hem, kitaphana ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň möhümdigi bellenildi we birnäçe ähtnamalar kabul edildi. Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çarçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi çygrynda Özara ähtnama hem kabul edildi. Bu şanly waka esasynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy usuly we Bibliografik bölüm bilen bilelikde kitaphanaçylaryň arasynda“ Ylymyň özeni kitap” ady bilen ylmy-usuly maslahat geçirildi. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryny has-da ýakynlaşdyrmak maksady bilen geçirilen maslahatda kitaphanalaryň ýakyn aragatnaşykda bolmagy, okyjylara hyzmat etmegiň usullaryny kämilleşdirmek, sergileri guramak, iki tarapyň ýazyjy-şahyrlarynyň döreden eserlerini okyjylara ýetirjekdikleri barada maslahatlaşdylar. Şeýle hem geljek täze 2027-nji ýylda dünýä edebiýatynyň baýamagyna goşant goşan Gruziýa döwletiniň Milli kitaphanasynyň adyny göterýän Gruzin ýazyjysy Ilýa Çarçawadze we beýleki ýazyjy-şahyrlary barada bibliografiýa görkezijileri taýýarlamagy göz öňüne tutup, bu işleriň iki döwletiň kitaphanalarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryna ýardam berjekdigi hakynda maslahatlaşyldy. Maslahatyň gatnaşyjylar ahyrynda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň  aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ylymyň özeni kitap”

Metbugat gullugy