“Ýürekleriň buýsanjy – türkmen halysy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň işgärleri “Ýürekleriň buýsanjy – türkmen halysy” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymdan gelýän gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen halysy barada çykyş etdiler. Ene-mamalarymyzyň döredijilikli zehininden, irginsiz zähmetinden kemala gelen türkmen halysynyň dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis sungatdygyny beýan etdiler. Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köp asyrlyk taryhy, şöhratyny häzirki döwre çenli saklap gelşi, dokamak üçin ýüňleriň saýlanylyşy, boýaglaryň taýýarlanylşy, türkmen tebigatyndan alnan nagyşlar barada gyzykly gürrüň berdiler. Halkymyzyň milli guwanjy bolan halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen- digini hem buýsanç bilen bellediler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýürekleriň buýsanjy – …