Ýurtlary ýakynlaşdyrýan medeniýet.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şol hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany hökmünde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gruziýa döwletine amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek bolar. Bu bolsa kitaphana işgärlerini has-da güýçli depginde işlemäge höweslendirdi. Şeýle taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda yzygiderli söhbetdeşlikler, maslahatlar geçirilýär. Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri hem gol çekilen Ähtnamadan ugur alyp, "Ýurtlary ýakynlaşdyrýan medeniýet" ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini ösdürmekde, dostluk döwletleriň kitaphanalary bilen özara tejribe alyşmak, neşirleri gorap saklamak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly mümkinçilik döredilýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle hem kitaphana ulgamyny hem-de döwletler bilen halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ýurtlary ýakynlaşdyrýan medeniýet