“Ýyldyrymdan ýyndamdyr ahalteke atlary” atly duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Oba hojalyk edebiýatlary bölümi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde, “Ýyldyrymdan ýyndamdyr ahalteke atlary” atly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda çykyş edenler, Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginde gazanylan üstünlikler, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä belli edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sap ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olary köpeltmek, seýislemek we atçylyk sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler.
Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýyldyrymdan ýyndamdyr ahalteke …