“Zaman bagtyýar –zenan bagtyýar” atly söhbetdeşlik

Image description

“Arkadag ” medeni-seýilgäh toplumynda  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Zaman bagtyýar –zenan bagtyýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.

    Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri her bir raýatyň bähbidine gönükdirilip, ýurdumyzyň ösüşini üpjün  edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde belent maksatlara esaslanyp, eziz Diýarymyzda beýik işler amala aşyrylýar.Şeýle asylly  işler zenanlaryň durmuşynda aýdyň şöhlelenýär. Çünki gelin-gyzlar buýsanjymyz bolmak bilen,döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar,dürli pudaklarda üstünlikli zähmet çekýärler. Ylym,bilim,medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda işläp, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.Türkmen zenanlary milli däp-dessurlarymyzy aýap saklamakda milli medeniýetimizi ösdürmekde , nesilleri kämil ruhda terbiýelemekde yhlasyny gaýgyrmaýarlar diýip, uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

   Söhbetleriniň ahyrynda çykyş edenler  halkymyza  bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ,ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Zaman bagtyýar –zenan …

Metbugat gullugy