“Zenan edebi we döwrebaplyk”

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy,Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi şeýle hem, ”Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Zenan edebi we döwrebaplyk” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

       Söhbetdeşlikde çykyş edenler  türkmen gelin-gyzlarmyzyň edep-ekramy,biziň ene-mamalarmyzdan  biziň şu günlermize gelip ýeten ýol-ýörelgeleri, olaryň  ajaýyp däp-dessurlarynyň  döwrebap berjaý edilşi  hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen  zenanlarymyzyň  eliniň çeperligi olaryň her bir işde mylaýym häsiýetlidigini nygtadylar.

    Gelin-gyzlarmyzyň eliniň çeperligi hakynda söhbet edilende Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň bize döredijilik mekdebi bolan el işleri hakynda hem çykyş edenler uly buýsanç bilen ýatlap geçdiler.

     Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Zenan edebi we …

Metbugat gullugy