“Zenanlar bilen tebigatyň baglanşygy” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa hünärmeni "Miras" teleýaýlymy bilen bilelikde “Zenanlar bilen tebigatyň baglanşygy” atly söhbetdeşligi ýazgy etdiler. Çykyş edenler türkmeniň maşgala mukaddeslikleri, enäniň öz perzendine bolan çäksiz söýgüsi, gyz-gelinleriň dünýäsi onuň gözelligi barada aýdylyp geçildi. Gyz-gelin edebi, milli däp-dessurlarymyz, türkmeniň keşdeçilik sungaty, onuň gadymylygy dogrusynda gyzykly gürrüňler çäräniň täsirligini has hem artdyrdy. Türkmen ilimiziň göwni ýaly giň, ýüregi dek arassa tebigatymyza Hakyň eçilen gudrat-keremleri jenneti gözellik kimin baky ornapdyr. Keramatly topragymyzy läle-reýhan kylyp gelýän bahar paslynyň gözel keşbinde-de türkmen kalbynyň tämizligi, owadanlygy görünýär diýip, belläp geçdiler.Söhbetdeşlige gatnaşanlar şeýle owadan, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Zenanlar bilen tebigatyň …