“AKYLDAR ŞAHYRYMYZYŇ DÖREDIJILIGI RUHY BAÝLYGYMYZDYR”

  • “Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ruhy baýlygymyzdyr”

    “Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi ruhy baýlygymyzdyr”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we
    sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Akyldar
    şahyrymyzyň döredijiligi ruhy baýlygymyzdyr” atly halypa şahyrlar, ýazyjylar bilen
    söhbetdeşlik geçirildi.
    Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkymyzyň milli medeniýetiniň we däp-
    dessurlarynyň gymmatlygyny pelsepewi pikirlerde jemleýär. Şonuň üçin hem akyldaryň
    eserlerini milli medeniýetimiziň özeni hasaplaýarys, bu pikirleri, parasatly sözleri ýaş
    nesillere wagyz edýäris. Akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasy bolan häzirki
    döwrümizde milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Bu gün türkmen halky parahatçylygyň
    hözirini görüp, asuda durmuşda ýaşaýar. Munuň özi Magtymguly Pyragy ýaly dünýä belli
    akyldarlarymyzyň pikirleriniň hasyl bolandygynyň aýdyň beýanydyr.
    Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyna şeýle bagty we ajaýyp
    zamanany peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
    janlary sag bolmagyny, beýik işleri üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!