«ARKADAGLY WATANYM ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Arkadagly Watanym ösüşleriň ýolunda» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Arkadagly Watanym ösüşleriň ýolunda» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyndaky alnyp barylýan işler barada şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasaty baradaky “Arkadagly Watanym ösüşleriň ýolunda” atly baýramçylyk dabaramyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy barada şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan döwletli işleri barada giňişleýin gürrüňler edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň baýry okuw jaýy bolan S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetinden gelen myhmanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyndaky ösüşler babatynda täsirli çykyş etdi. Dabaramyzyň dowamynda “Arkadagly Watanym ösüşleriň ýolunda” ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde mertebeli Prezidentimiziň gymmatly kitaplary, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy baradaky metbugat sahypalarynda çap edilen makalalar hem ýerleşdirildi.