«BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTLY ÝAŞLARY» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde şu ýyla bagyşlanyp, «Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

    Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler şu ýylymyzyň “Arkadag Serdarly-bagtyýar ýaşlar” ýyly diýilip atlandyrmagynda örän uly çuň many barlygyny nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň gurmak we döretmek hakynda aýdýan dürdäne sözlerinden ugur alýan biziň şu günki ýaş nesillerimiziň ylymda-bilimde,hünär saýlamakda, özlerinde iň gowy häsiýetleri jemläp Watansöýüji, ruhubelent, bagtyýar nesillerdigini öz söhbetlerinde giňişleýin gürrüň etdiler. Bu günki Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, eziz Watanymyz biziň şu günki bagtyýar ýaşlarymyzyň geljekde durmuşyň ähli pudaklaryny ösdürjek adamlar bolup ýetişjekdiklerini belläp geçdiler.