“GALKYNYŞ”

  • “Galkynyş”

    “Galkynyş”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy barada kitaphana syny geçirildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen bu toparyň 25 döwletden 150-den gowrak sirk sungatynyň ussatlaryny bir ýere jemlän festiwalda baş baýraga mynasyp bolmagy watandaşlarymyzy guwanç duýgusyna besledi.

    Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny şu güne, bagtyýar eýýamymyzyň ösüşlerini bolsa geljege sary alyp barýan ýüwrük bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumlary hemişe rowaç bolsun!