HALKARA ZENANLAR GÜNÜNE BAGYŞLANYP, «ZENAN BAGTYÝAR — ZAMAN BAGTYÝAR» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, «Zenan bagtyýar — zaman bagtyýar» ady bilen  baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, «Zenan bagtyýar — zaman bagtyýar» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Kärdeşler arkalaşyk guramasy, Döwlet kitaphanasy şeýle hem ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde «Zenan bagtyýar — zaman bagtyýar» ady bilen Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi.

    Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň biziň enelermiz we käbelermiz hakynda edýän Döwlet derejesindäki aladalary, 8-nji mart - Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp zenanlarymyz bilen bilelikde ýaşajyk gyzjagazlara çenli pul sowgatlarynyň gowşurylýanlygy barada söhbet etdiler. Enelermiz, käbelermiz, biziň bahar-ýaza, ajaýyp gül-gunçalara meňzeş gelin-gyzlarymyz hakynda goşgy ýazmadyk, eser döretmedik ýazyjy-şahyr, aýdym aýtmadyk, saz döretmedik bagşy-sazanda ýok bolsa gerek. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler bular barada aýtmak bilen gelin-gyzlar hakynda ýazylan goşgulary okadylar. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.