-
31
Oktýabr
“Halkymyzyň bagtyýarlygy – döwletimiziň berkararlygy”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Halkymyzyň bagtyýarlygy – döwletimiziň berkararlygy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmekde uly ähmiýetli taryhy mejlisiň – Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler ýurdumyzyň kuwwatly ösüşiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýär. Halkymyzyň abadan durmuşynyň, bagtyýarlygynyň iň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň ajaýyp alamatlary bolsa ähli ugurlar boýunça gazanylýan ösüşlerde aýdyň görünýär diýip belläp geçdiler.
Çykyş edenler söhbetdeşligiň ahyrynda Ata Watanymyzy belent ösüşlere, täze ýeňişlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.