HALYPA KITAPHANAÇY BIBIGÖZEL MÄMMEDOWANYŇ KÖPÝYLLYK ZÄHMET ÝOLUNA BAGYŞLANYP DUŞUŞYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Halypa kitaphanaçy Bibigözel Mämmedowanyň köpýyllyk zähmet ýoluna bagyşlanyp duşuşyk dabarasy geçirildi

    Halypa kitaphanaçy Bibigözel Mämmedowanyň köpýyllyk zähmet ýoluna bagyşlanyp duşuşyk dabarasy geçirildi

    Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekligi, ýaş şägirtlere öz hünärine bolan söýgüni döretmekligi ündeýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda halypa kitaphanaçy, “Gaýrat” medalynyň eýesi, Bibigözel Mämmedowanyň köpýyllyk zähmet ýoluna bagyşlanyp duşuşyk dabarasy geçirildi.

    Dabarada Döwlet kitaphanasynyň direktory, Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanada zähmet çekýän zähmet weteranlary, ýagny halypa kitaphanaçylar, kitaphanaçy ýazyjy-şahyrlar çykyşlarynda Bibigözel halypanyň Döwlet kitaphanasynda 42 ýyl bir egne halal zämet çekendigini, birnäçe şägirtleri ýetişdirendigini, özüniň gowy gylyk-häsiýetleri bilen okyjylaryň isleglerini kanagatlandyryp hem-de medeniýetli hyzmat edip okyjylaryň söýgüsini gazanandygyny, ýaş nesillere görelde bolup zähmet ýoluny dowam etdirýändigini bellediler.