-
07
Dekabr
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp, «Halkara Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hemişelik Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp “Halkara Bitaraplyk-baky bagtyýarlyk” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 27 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, täze-täze başlangyçlary, hem- de umumyadamzat bähbitli işleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Dabaranyň çäginde “Berkarar, bagtyýar, Bitarap Watan!” ady bilen kitap sergisi guraldy.