"KITAP - GEÇMIŞIŇ, ŞU GÜNÜŇ GELJEGIDIR" ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

  • "Kitap - geçmişiň, şu günüň  geljegidir" atly maslahat geçirildi.

    "Kitap - geçmişiň, şu günüň geljegidir" atly maslahat geçirildi.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025- nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylan ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen birlikde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy düýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Şol mynasybetli şu gün Döwlet kitaphananyň Seýrek neşirler,Neşirleri abatlama we jiltleýiş we Kitaphanaara abonementi bölümleri ,Ahal welaýat Baş bilim müdürliginiň ýanyndaky Döwlet umumy bilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi bilen bilelikde "Kitap – geçmişiň, şu günüň geljegidir" atly maslahaty geçirildi. Maslahatda ösüp gelýän ýaş nesillerde kitaba bolan höwesi döretmekde kitaphanalaryň tutýan orny barada çykyş edenler giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle- de Maslahatyň çäginde Döwlet kitaphananyň baý gaznasyndan “Kitap ynsanyň dosty” atly kitap sergi hem gurnaldy. Sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.