-
04
Noýabr
“Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli, “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras” atly göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de kitaphana syny geçirildi.
Bu göçme kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş mekdebi bolan ajaýyp eserleri, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Öz bilişimiz ýaly, Magtymguly atamyzyň arzuw eden ajaýyp döwri Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hasyl boldy. Döwletimiz Berkarar, döwrümiz bagtyýar. Bu gün ady dünýä dolan eziz Watanymyz gün-günden ösýär we öňe gidýär. Her bir setiri nakyla öwrülen umumyadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri ýaş nesillerimizi Watansöýüji, arassa ahlakly, zähmetsöýer edip terbiýelemekde ajaýyp durmuş mekdebidir.
Sergä hem-de kitaphana synyna gatnaşyjy talyplar we mugallymlar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.