“MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE EDEP-TERBIÝE”

  • “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde edep-terbiýe”

    “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde edep-terbiýe”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde edep-terbiýe” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Köpetdagyň beýik gerişleriniň eteginde Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärlik heýkeliniň goýulmagy, “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy türkmen halkynyň paýhasly söze, beýik akyldara uly hormat goýýandygyny ýene bir gezek äşgär edendigini söhbetdeşligiň başynda beýan edildi.

    Şahyryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýet hökmünde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini söhbetdeşlige gatnaşýan işgärler arzuw etdiler.